DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň ministriniň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Edzima Kiýosini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özaragatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki, durnukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýedigi bellenildi.

Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň türkmen böleginiň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Döwlet ministri Edzima Kiýosi bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýaponiýa Türkmenistanyň iri maýa goýum hyzmatdaşlarynyň esasylarynyň biri bolup durýandygy hem-de ýapon kompaniýalarynyň birnäçesi bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygy bellenildi. Hususan-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň hem aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

 

3-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Ženewada WIPO agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisi geçirilýär

Muttaki: TOPH taslamasy üçin ähli tagallalary ederis