JEMGYÝET

Ýaponiýada suw joşmak howpy barha artýar

Hünärmenler häzirki ýagşyň ýylyň şu döwri üçin rekorddygyny aýdýarlar. Meteorologlar ýaşaýjylara köp mukdarda suw joşmalarynyň we toprak süýşmeleriniň boljakdygy barada duýduryş berdiler.

NHK teleýaýlymy yzygiderli goýberýän bölümlerini görkezmegi saklap,diňe howa bilen baglanyşykly habarlary ýaýlyma berýär. Apat ýüz beren ýerlerden adamlary göçüriş wagtyndan, köçeleriň suwa dolup, derýalara öwrülmegi barada reportažlary alyp barýar.

Ýurduň günorta-günbataryndaky dört prefekturasynda güýçli ýagyş sebäpli 1,7 million adam haýal etmän howpsuz ýerlere göçürilýär.

Fukuoka, Saga, Nagasaki, Hirosima prefekturalarynda ilaty iň ýokary bolan bäşinji derejeli howpdan duýduryş aldy. Ýerli häkimiýetler ilata: «Janyňyzy halas ediň!» diýip ýüzlendi. Bu betbagtçylygyň bolup biljek seýitlerinde galan ýaşaýjylaryň derrew howpsuz ýere göçmegini, eger göçüş merkezlerine baryp ýetişmese,öz öýleriniň ýa-da goňşularynyň öýünde iň howpsuz ýerine çykmagyny nazarda tutýar.

Dünýaniň iň ýokary tizlikli awtoulagy

 

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri