BIZNES

Ýaponiýada raýatlara nagt pul goldawy berler

Ýaponiýada koronawirus ýokanjynyň ýurduň raýatlarynyň ykdysady bähbitlerine ýetiren zyýanyny azaltmak üçin nagt pul kömegini bermek göz öňünde tutulýar.

Ýurduň “Kýoda” habarlar gullugynyň habayrna görä, Ýapon hökümeti koronawirusyň ykdysadyýete täsiri netijesinde girdejisini ýitiren raýatlara nagt pul kömegini bermegi meýilleşdirýär.

Bu babatda taýýarlanan meýilnama görä, 18 ýaş we şondan kiçi 20 million adama 100 müň ýen (880 dollar) we pandemiýa bilen göreşde maliýe serişdelerine mätäç bolan hojalyklara 50 müň ýen (440 dollar) nagt berler.

Şeýle hem “My Number” atly şahadantamasy bolan raýatlara bolsa, 30 müň ýen (265 dollar) pul serişdeleriň paýlanmagy göz öňünde tutulýar.

Bu maliýe kömegi üçin ýurduň hökümeit tarapyndan goşmaça býujet taýýarlar. Ony hem ýurduň Mejlisiniň garamagyna hödürläp, şol tassyklanan býujetiň hasabyna raýatlara degişli kömekleri bermek göz öňünde tutulýar.

 

Şawkat Mirziýoýew täzeden prezident wezipesine girişdi

 

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy