DÜNÝÄ

Ýaponiýa Owganystana 100 million dolarlyk ynsanperwer kömegini berýär

Ýaponiýanyň hökümeti Taliban hereketiniň gözegçiligindäki Owganystana ynsanperwer kömegini bermegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Lukmançylyk, azyk, suw we arassaçylyk serişdelerinden ybarat 100 million dollarlyk ynsanperwer kömeginiň Owganystana iberiljekdigi habar berildi.

Bu ynsanperwer kömegi Birleşen Milletler Guramasy (BMG) Bütindünýä Azyk Maksatnamasy ýaly 16 dürli halkara guramanyň üsti bilen berler.

Bu Ýaponiýanyň Taliban hereketiniň gözegçiligindäki Owganystana ikinji gezek amala aşyrýan ynsanperwer kömegi bolar.

Mundan ozal, ýapon hökümeti 2021-nji ýylyň oktýabrynda Owganystana 58 million dollarlyk ynsanperwer kömegini beripdi.

Şeýle hem Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi Eýrana, Pakistana, Täjigistana we Özbegistana hem dürli möçberlerde ynsanperwer kömeginiň beriljekdigini mälim etdi.

 

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigi geçirilýär

Ýene-de okaň

Lawrow: Russiýa Merkezi Aziýanyň esasy hyzmatdaşy

Li Çže Mýon: Türkmenistan Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşymyz

Beýik Britaniýa, Kanada we Awstraliýa Palestinanyň döwletliligini ykrar etdiler

Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda 20 sany dünýä lideri bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň DIM-de döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

Si Szinpin: Hytaý ABŞ bilen “TikTok” boýunça gepleşiklerden hoşal