DÜNÝÄ

Ýaponiýa Kabuldaky ilçihanasyny gaýtadan açmakçy

Owganystan Yslam Emirliginiň premýer-ministriniň kömekçisi Mewlewi Abdulkebir Ýaponiýanyň Owganystandaky ilçisi Takaşi Okada bilen “Sapedar” saraýynda duşuşdy. Ilçi Takaşi Okada Ýaponiýanyň Owganystana ýardamlarynyň dowam etjekdigini we ýurtda goraglylgyň üpjün edilmegini isleýändiklerini mälim etdi.

Şeýle hem duşuşykda ýapon ilçi Ýaponiýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň gaýtadan açyljakdygyny hem habar berdi. Owgan premýer-ministri owgan halkyna edýän kömekleri üçin Ýaponiýanyň hökümetine minnetdarlygyny bildirdi.

 

 

Halk Maslahatynyň Başlygy Tatarystanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Related posts

Dünýäde iň gymmat hurma

vepa

Gazagystan Sian şäheriniň portunda logistika merkezini döreder

Ata Watan Eserleri

Dubaýda dünýäniň iň belent myhmanhanasy gurulýar

vepa