Ýanwar-noýabr aýlary: daşary syýasatda edilen işler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisinde hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýurdumyza Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri döwlet saparlary, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti resmi sapar, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen geldiler.

Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin sebitiň ähli döwletleriniň Prezidentleri ýurdumyza geldiler.

28-nji noýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri gatnaşdylar.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Täjigistan Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Türkiýe Respublikasynda hem-de resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasynda boldy.

Ýylyň dowamynda onlaýn tertipde döwlet Baştutanymyzyň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna, BMG-niň senagat meseleleri boýunça forumyna, YHG-niň 14-nji sammitine, Türki dilli döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahatyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça sammitine, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi.

Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler, maslahatlaşmalar yzygiderli geçirildi. Ýurdumyzyň wekilleri hyzmatdaşlygyň dürli görnüşinde geçirilen duşuşyklaryň hem birnäçesine gatnaşdylar.

Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmek meselesine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna bagyşlanan halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, eýýäm häzirden halkara çäreleriň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň, saparlaryň hem-de geljek ýylda ýurdumyza daşary ýurt wekiliýetleriniň saparlarynyň meýilnamalaryny taýýarlamaga girişmegiň zerurdygyny nygtady. Şu ýylyň ahyrynda degişli resminamalara garalar.

 

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginiň Maksatnamasy tassyklandy



ÝENE-DE OKAŇ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan...
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Ol Hytaýyň bu sebitiň...
Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan "Amazon" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos futbol dünýäsine aralaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Italiýanyň metbugaty habar berýär. Metbugatyň habaryna görä, Italiýanyň Naples şäherinde kosmos bazasyny gurmak isleýän Bezos şol bir wagtda "Napoli" toparyny hem satyn almagy meýilleşdirýär. "Napoli" topary De Laurentisden Jeff Bezosa geçmeigne garaşylýar. Kino prodýuseri Aurelio de Laurentis "Napoli" topary bilen bir hatarda Italiýanyň aşaky...
Şu gün “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly sammiti geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylyna syn berlen onlaýn...
Dünýäniň iň baý tehnologiýa milliarderleriniň umumy baýlygy 2022-nji ýylyň başyndan bäri 85,7 milliard dollar azaldy. Ilon Mask, Jeff Bezos, Bill Geýts, Larri Page we Mark Zukerbergiň baýlygynyň azalmagy; inflýasiýa we göterim derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Ine, dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygynda ýitirilen milliardlarça dollar... Dünýädäki iň baý bäş adamyň baýlygy, geçen hepdäniň bazaryndaky satuwdan soň uly täsir galdyrdy. 2022-nji...

Iň täze habarlar