TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

“Ýakymly Ýatlamalar” sahypasy hereket edip başlady

Sungat we edebiýat ulgamynyň meşhur wekilleri baradaky “ýakymly ýatlamalary” okyjylara ýetirýän täze sahypamyz bolan “Ýakymly Ýatlamalar” sahypasy hereket edip başlady. Esasan hem ýazyjy Akgül Saparowanyň ýatlamalaryny özünde jemleýän bu sahypamyzda häzire çenli 9 sany täsirli makalany Size ýetirdik. Bu makalalar meşhur sungat we edebiýat wekilleriniň terjimehaly bolman, eýsem, olar baradaky durmuşy wakalar barada gürrüň berýän “täsirli ýatlamalardyr”.

Ýazyjy Akgül Saparowa bilen ilkinji gezek Şahyr Kasym Nurbadow baradaky ýatlamasy boýunça meşhur žurnalist Amanbibi Muhammedowa tanyşdyrypdy. Mundan birnäçe aý soňra Akgül Saparowa bilen işleşip başladyk we häzire çenli Akgül Saparowanyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew, Şahyr Geldi Bäşiýew, Türkmenistanyň halk artisti, kinorežissýor Halmämmet Kakabaýew, Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Apbasowa, «Sygan» lakamly Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasow,  Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow  we  meşhur  wäşi artist Tagan Saryýew (Annam brigat) baradaky örän täsirli ýatlamalaryny Size ýetirdik. Akgül Saparowanyň bilen iň soňky söhbetimizde, sungat we edebiýat ulgamynyň ägirtleri baradaky  “ýakymly ýatlamalaryny” okyjylaryň saýtymyzdaky müňlerçe makala we habarlarynyň arasyndan aňsat tapmagy üçin aýratyn sahypa açmak isleýändigimizi aýdypdyk. Ine, bu gün bolsa okyjylarymyza şol sahypamyzy hödürleýäris.  Biz bu sahypamyzda şeýle hem medeniýet ussady Bägül Nurmyradowa baradaky Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradowyň makalasyny Size ýetirýäris.

Soň bir gün…  Kasym Nurbadow

 

Baýram Jütdiýew: Watan waspy senasy

 

 

Geldi Bäşiýew: Gözelligiň waspçysy

 

Halmämmet Kakabaýew: kino sungatynyň ägirdi

 

Orazgül Apbasowa: gülki göwün ganaty

 

 

 

Orazgeldi Ylýasow: bilbil owazyň kyssasy

 

Juma Ýazmyradow : baran ýeri alaýazdy

 

Tagan Saryýew: «Annam brigatly» söhbet

 

Medeniýet bilen ykbaldaş ömür :Bägül Nurmyradowa

Ýene-de okaň

Öwezmyrat Gandymow:hünärine ussat mugallym

Ýagşy nakgaşyň janköýeri köp bor…

Amandurdy Agajykow: saz bilen ýaşaýan ömür

Ata Watan Eserleri

Teswirle