DÜNÝÄ

Wuçiç gaýtadan prezidentlige saýlandy

Serbiýäniň häzirki Prezidenti Aleksandar Wuçiç ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy. Ol sesleriň 59.55 göterimine eýe boldy. Şeýlelikde,  Serbiýanyň Respublikan saýlaw toparynyň maglumatlayrna görä, sesleriň 90 göteriminiň sanalmagyndan soňra häzirki Prezidentiň sesleriň köp bölegini alandygy mälim edildi.

Maglumatlara laýyklykda, Wuçiç 90,71 göterim býulletenleriň sanawyndan soňra 59.55 göterim ses alyp öňdeligi eýeledi. Onuň esasy bäsdeşleri Zdrawko Ponoş 17,53 göterim, Miloş Ýowanowiç bolsa 5,82 göterim ses aldy.

Ýurtda prezident saýlawlary bilen bir hatarda parlament saýlawlary hem geçirildi. Parlament saýlawlarynda Prezident Wuçiçiň ýolbaşçylygyndaky “Bilelikde hemme zady başararys” partiýasy 43,57 göterim ses alyp öňdeligi eýeledi. Bu partiýa saýlawlarda gazanan ýeňşi bilen 250 orunlyk parlamentde 122 orun alar.

Mälim bolşy ýaly, düýn Serbiýada prezident we nobatdan daşary parlament saýlawlary geçirildi. Serbiýada 6 million 502 müň 307 raýatyň ses bermek hukugy bardyr.

 

Hindistanyň Prezidenti we onuň maşgalasy Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi