DÜNÝÄ

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy sapar bilen çagyrdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin birek-biregi  Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutladylar.

Şeýle hem iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleler we sebit görnüşlerinde, şol sanda Hazar bäşliginiň çäginde özara gatnaşyklaryň geljegi ara alyp maslahatlaşdylar. Russiýa-Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de has-da pugtalandyrmak babatda ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Russiýa sapar bilen çagyrdy. Çakylyk uly kanagatlanma bilen kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, şu gün ýagny, 8-nji aprelde  Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şu mynasybetli iki ýurduň döwlet Baştutanlary birek-birege gutlag hatlaryny iberdi.

 

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

6-njy dekabrda “Ýaýa we Lenni” atly italýan animasiýaly multfilm görkeziler

Kuweýt Türkmenistana täze ilçi belledi

Gazagystanyň medeniýet ministri wise-premýerlige bellendi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi