TEHNOLOGIÝA

“Windows 10”-yň nyşanlary çalşylýar

“3Dnews.ru” saýtynyň habar bermegine görä, “Microsoft Corporation” öz operasion ulgamynyň nyşanlaryny çalşar. Nyşanlaryň käbirleri “Windows 95”-iň döwründen  biziň günlerimize çenli üýtgedilmän galypdyrlar.

Döredijiler “Windows 10”-yň nyşanlaryny yzygiderli gowulandyrýarlar. Bu özgertmeleri şu ýylyň ahyrynda “Sun Valley” täzelenmesi bilen ulanyjylar üçin elýeterli etmek meýilleşdirilýär. Täze ulgam nyşanlarynyň peýda bolmalydygy şu ýylyň mart aýynda habar berildi, ýaňy-ýakynda bolsa “Microsoft”-yň könelişen nyşanlaryň ählisini täzelejekdigi belli boldy.

“Microsoft” kompanivasy “Sun Valley” täzelenmesine we “Windows 10”-yň täze daşky sypatyna degişli jikme-jik maglumatlary aýan etmäge howluganok. Bular barada giňişleýin informasiýa şu aýyň aýagynda döredijiler üçin geçiriljek konferensiýanyň dowamynda aýan ediler diýip, garaşylýar.

 

“Apple”-den öňe saýlandy

 

 

 

Ýene-de okaň

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar