DÜNÝÄ

Welosipede uly ähmiýet berýän şäherler

Şu gün, ýagny 3-nji iýun Bütindünýä welosiped günüdir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni yglan edildi.

Merkezi Germaniýada ýerleşýän “Coya” kompaniýasy welosiped üçin amatly şäherleriň, ýagny “Global welosiped şäherleri” sanawyny düzdi.

Welosipedleriň giňden ýaýramagy ekologiýa taýdan hem ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Welosiped diňe bir ekoulag hökmünde kabul edilmän, eýsem adam saglygyna hem peýdalydyr. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatyna görä, welosiped sürmek ýürek keselleri, düwnük we süýji keseli ýaly keselleriň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

Sanaw taýýarlanylanda howa, welosiped sürüş tizligi, howpsuzlyk, infrastruktura, welosipedleri kärende bermek mümkinçilikleri we welosiped üçin amatly çäreler göz öňünde tutuldy.

Şoňa görä, sanaw şeýle:

15- Bristol / Angliýa

14- Leýpsig / Germaniýa

13- Gamburg / Germaniýa

12- Bordo / Fransiýa

11- Strasburg / Fransiýa

10- Gannower / Germaniýa

9- Bremen / Germaniýa

8- Bern / Şweýsariýa

7- Hanžou / Hytaý

6- Malmo / Şwesiýa

5- Amsterdam / Niderlandlar

4- Kopengagen / Daniýa

3- Antwerpen / Belgiýa

2- Munster / Germaniýa

1- Utreht / Gollandiýa

Utreht ýaş ilatly şäher. Şäherdäki gatnawlaryň 33 göterimi welosiped bilen amala aşyrylýar we şäherde giň welosiped ýoly we welosiped duralgasy bar.

 

«Barselona» Messi barada karara geldi…

 

Ýene-de okaň

33 döwlet BRIKS sammitine gatnaşmagy tassyklady

Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara forum boýunça brifing geçirildi

Türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahaty geçirildi

Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Täjigistanda saparda boldular

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy