TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Welaýatlaryň arasyndaky gatnaw barada…

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtyna gelip gowşan habara görä, iň ýakyn wagtda welaýatlaryň arasynda gatnawlaryň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.

Welaýatlaryň arasyndaky gatnawlar ýurdumyza koronawirus pandemiýasynyň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen girizilen öňüni alyş çäreleriniň çäklerinde çäklendirilipdi.

Häzirki wagtda bolsa, şol çäklendirmeler kem-kemden ýatyrylyp, welaýatlaryň arasyndaky gatnawlaryň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.

Düýn saýtymyza ýerleşdirilen habara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan ýerli ýolagçy uçar gatnawlarynyň 5-nji maýdan başlap, täze uçuş rejesine görä-de, täze ugurlar boýunça gatnawlar göz öňünde tutulypdyr. Ýerli ýolagçy gatnawlaryň täze rejesine Daşoguz-Türkmenbaşy-Daşoguz, Daşoguz-Mary-Daşoguz we Daşoguz-Türkmenabat-Daşoguz ugurlary goşulýar. Bu gatnawlar hepdede bir gezek amala aşyrylýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, tutuş dünýäde bolşy ýaly, biziň ata Watanymyzda hem öňüni alyş çäreleri gowşadylýar. 1-nji maýda kinoteatrlar we teatrlar işläp başlaýar. Şeýle hem paýtagtymyz Aşgabatdaky söwda merkezleri gaýtadan işe başlady. 27-nji aprelde ýurdumyzyň iň iri bazary bolan Altyn asyr Gündogar bazary öz işine başlady. Bu ýerlerde arassaçylyk kadalary berk berjaý edilip, agyz-burun örtükleri dakynmalydyr.

Şeýle hem halkara ýörite uçar gatnawlarynyň hem sany artdyrylýar. Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawdan hem görnüşi ýaly, soňky wagtlarda ýörite uçar gatnawlaryň sany hem yzygiderli köpelýär.

29-njy aprelde Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnaw amala aşyrylýar. Mundan başga-da, 1-nji maýda “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy tarapyndan Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnaw ýerine ýetiriler.

Birnäçe wagt öň beren habarymyza görä, 1-nji maýda Kazan-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Kazan-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy: Biletlerde ýene arzaladyş

Baş Redaktor

Halkara uçarlaryň ählisi Aşgabatdan amala aşyrylar :Stambul, Dubaý we beýlekiler

Baş Redaktor

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: ýerli we halkara howa gatnawlaryň täze rejesi

Ata Watan Eserleri

Teswirle