TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý galla hasyly tabşyryldy

Türkmen gallaçylary Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylyny tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu baradaky hoş habar şu gün — 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berildi. 

Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçy daýhanlary we ähli türkmen halkyny sahawatly türkmen topragyndan gallanyň bol hasylynyň öndürilip, Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylynyň tabşyrylmagy mynasybeli tüýs ýürekden gutlap: «Ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir adamyň agzybirlikli, yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi» diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmek üçin gallanyň bol hasylynyň öndürilmeginde gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde welaýatlarymyzyň etraplaryndaky gallaçylyk hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, öňdebaryjy gallaçy daýhanlaryň we ähli oba hojalyk işgärleriniň her biriniň mynasyp goşandynyň bardygyny aýdyp: «Siziň oba hojalygynda geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde şu ýyl köp yhlas we zähmet siňdirilip ýetişdirilen galla hasylyny iň soňky dänesine çenli zaýa etmän, doly ýygnap aljakdygyňyza hem-de täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni şu günlerden mäkäm tutjakdygyňyza pugta ynanýaryn» diýip nygtady.

 

Türkmenistanda temmäki önümleri üçin goşmaça tölegleriň möçberi ýokarlandy

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle