SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Waşingtonda örtük dakynmak ​​zerurlygy ýatyrylýar

ABŞ-nyň iň uly şäherleriniň biri bolan Nýu-Ýorkdan soňra paýtagt Waşingtonda hem agyz-burun örtügini dakynmak zerurlygy ýatyrylýar. Bu barada Waşington şäheriniň häkimi Muriel Bowser belläp geçdi.

Ol gurnan metbugat ýygnagynda şäherde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly wakalaryň azalýandygyny belledi.

Şu günden başlap, şäherdäki iş ýerleriniň müşderilerden sanjym edilendigi baradaky kepilnama talap etmek düzgüniniň ýatyrylýandygyny bellän häkim Bowser jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtügini dakynmak hökmany talabynyň 1-nji martdna gowşadyljakdygyny belledi.

Bowser 1-nji martdan mekdepler, saglyk merkezleri we köpçülikleýin jemgyýetçilik ulaglardan başga ýerlerde agyz-burun örtügini dakynmagyň zerur bolmajakdygyny mälim etdi.

Waşingtonda koronawirusyň “omikron” görnüşiniň giňden ýaýramagy bilen baglanyşykly wakalar soňky hepdelerde ep-esli azaldy.

 

Diýarymyzyň iň gowy etrabyna baýragy gowşuryldy

Ýene-de okaň

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy