DÜNÝÄ

Waşington 51-nji ştat bolýar

ABŞ-nyň Wekiller palatasy ýurduň paýtagty Waşingtonyň 51-nji ştat hökmünde kabul edilmegi babatda hödürlenen kanun taslamasyny kabul etdi. Kanunynyň güýje girmegi üçin Senatyň hem-de ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň tassyklamak zerurlygy bar.

Wekiller palatasy Demokratlaryň başlangyjy bilen hödürlenen hem-de Ak Tamyň hem goldaw beren kanun taslamasyny tassyklady. Kanun taslamasy boýunça geçirilen ses berişlikde  Wekiller palatasyndaky Respublikanlaryň 208 garşy çykandygyna garamazdan, Demokratlaryň 216-synyň goldamagynda bu kanun taslamasy tassyklandy. kanun taslamasy Senatda serediler.

Senat hem kanun taslamasyny tassyklan halatynda ýurduň Prezidenti garamagyna hödürlener.

Kanun taslamasynyň Senatda tassyklanman hem biler. Sebäbi Senatdaky 100 agzanyň 50-si Respublikanlar partiýasynyň agzalarydyr.

700 müňden gowrak ilaty bolan paýtagt Waşingtonyň raýatlarynyň ýarysyna golaýy garaýagyzlardyr hem-de Demokrat partiýasynyň agzalarydyr. Waşington ştat bolan halatynda Demokrat partiýasynyň ABŞ-nyň Senatyndaky wekil sany ýene-de 2 sany wekil bilen köpelip biler.

Halypa çapyksuwar ýeňil awtoulag bilen sylaglandy

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

6-njy dekabrda “Ýaýa we Lenni” atly italýan animasiýaly multfilm görkeziler

Kuweýt Türkmenistana täze ilçi belledi

Gazagystanyň medeniýet ministri wise-premýerlige bellendi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi