TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

“Wahat Al Karama” ýadygärligi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň soňky gününde Abu-Dabide ýerleşýän «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumyna baryp gördi we bu ýurduň Watan üçin gurban bolan milli gahrymanlaryny hatyralady.

Bu ýerde toplumyň ýolbaşçysy Şeýh Halifa bin Tahnun bin Mohammed an Nahaýýan türkmen döwletiniň Baştutanyny «Wahat Al Karama» ýadygärlikler toplumy bilen tanyşdyrdy.

Wahat Al Karama iňlis dilinde terjime edilende “Oasis of Dignity” ýagny “Hatyra meýdançasy” hökmünde tanalýar, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde Şeýh Zaýed metjidiniň garşysynda ýerleşen, bu harby ýadygärlik, harby borçlaryny ýerine ýetirip ýören wagtynda wepat bolan esgerlere bagyşlanýar. Ýadygärlik üç gurluşdan ybaratdyr:

Ýapgyt sütünler;

Hormat pawilýony;

Ýadygärlik meýdançasy;

Hormatly pawilýonda Watan üçin janyny gurban eden ähli Emirlik esgerleriniň atlary ýazylýar. Toplumyň çäginde 1200 adam ýerleşýän amfiteatr hem-de uly tegelek howuz bardyr.

Taryhy

 Bu ýadygärlik Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) ilkinji söweş ýadygärligidir. Ýadygärlik 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Hatyra gününde açyldy. Federal Ýokary Geňeşiň agzalary her ýyl 30-njy noýabrda Hatyra güni bu ýere ýogalan esgerleri hormatlamak üçin ýygnanýarlar.

Arhitekturasy

Ýadygärlik Şeýh Zaýed metjidiniň garşysynda 46,000 inedördül metr meýdany eýeleýär.

Daýanyp duran sütünler

Çyzylan sütünlere BAE-niň we arap diliniň milliligi bilen ýazylýar. Sütünlerde BAE-ni esaslandyryjysy  Şeýh Zaýed bin Soltan Al Nahaýýanyň, Prezident Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň we Premýer-ministr Muhammet bin Raşid Al Maktumyň we Muhammet bin Zaýed Al Nahaýýanyň goşgulary hem bardyr.

Seýli ARYŞOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle