TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Vivo V21e” 5G tanyşdyryldy

Şu ýylyň aprel aýynda Vivo şereketi “Vivo V21”, “Vivo V21 5G” we “V21e 5G” atly 3 sany smartfony tanyşdyrypdy. Tanyşdyrylan bu smartfonlardan “Vivo V21” we “V21” 5G modelleri Hindistanda satuwa çykypdy. Ýakyn wagtda bularyň beýleki ýurtlarda hem satuwa çykmagyna garaşylýar. Emma bu 3 telefondan Vivo V21e 5G smartfonyny satuwda görmändik.

Häzirki döwrüň tehnologiýasyna we modasyna aýak uýduran telefon inçe hem-de owadan görnüşe eýe boljakdygy aýdylan “Vivo V21e” 5G 6.44″ ululykdaky FHD+ durulykda AMOLED panele eýe ekran bilen biziň garşymyza çykýar. Mundan başga-da telefonda howpsuzlyk üçin ekranyň içinde barmak yzyny okaýjy hem ulanylypdyr.

Dimensity 700 prosessoryndan güýç alýan telefonda 8 GB içki ýat we 128 GB daşky ýat bar.

Telefonyň öňünde 32 megapiksellik selfi kamerasy, arkasynda bolsa 64 megapiksellik esasy we 8 megapiksellik ultra giňişlik kameralary ýerleşdirilipdir.

Ätiýaç duýýan energiýasyny 44W tiz zarýad goldawly 4000 mAh batareýadan üpjün edýän “Vivo V21e” 5G smartfony 165 gram agyrlykda we 7.67 mm galyňlykda.

Häzirki wagtda Hindistanyň bazarynda Dimensity 800U platformaly “Vivo V21” 5G smartfonynyň 404 dollardan satylýandygyny göz öňünde tutsak, “Vivo V21e” 5G smartfonynyň, ortaça 337 dollardan satuwa çykjakdygyny aýdyp bileris.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

19-njy iýuldaky howa maglumaty

 

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle