TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

VI Hazar sammiti halkara media giňişliginde

Ýurdumyzda geçirilýän iri halkara çäreler, duşuşyklar, forumlar dünýäniň birnäçe meşhur habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär.

Golaýda, has takygy 29-njy iýunda türkmen paýtagtynda üstünlikli geçirilen altynjy Hazar sammiti 2022-nji ýylyň iň wajyp syýasy wakalarynyň biri boldy. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 20 ýyldan soňra Aşgabatda geçiren ýokary derejedäki duşuşygy geosyýasy we geoykdysady taýdan möhüm orny eýelemek bilen ýurdumyzyň şeýle-de, dünýäniň meşhur habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi.

Türkiýäniň “Anadolu”, Russiýanyň “TASS” we “PИA Новости”, Eýranyň “IRNA”, “Mehrnews” habarlar agentlikleri, “BRICS” ýurtlarynyň “TV BRICS” halkara media ulgamy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu sammiti ilkinjiler bolup şöhlelendirdiler.

Ýeri gelende bellesek, “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary hem bu sammiti ilkinjileriň hatarynda 4 dilde okyjylar köpçüligine giňişleýin ýetirdi.

Altynjy Hazar sammitiniň gün tertibine girizilen möhüm meseleler köp sanly daşary ýurt neşirleriniň üns merkezinde boldy.

Italiýanyň “Agenparl” metbugat agentligi tarapyndan Hazar deňzinde dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şeýle-de Hazarýaka ýurtlaryň Baştutanlarynyň öňki duşuşyklarynda kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşýandyklaryny habar berdi.

Häzirkizaman kompýuterlerdir tehnikalar, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilen “Arçabil” myhmanhanasynyň giň metbugat zalynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri foto we wideo reportažlaryny wakanyň geçýän ýerinde taýýarladylar.

Meşhur elektron neşirler öz sahypalarynda Tähranda, Bakuwda, Astrahanda we Aktauda geçirilen öňki sammitleriň sebitde özara gatnaşyklaryň kemala gelmegine saldamly goşant goşan bäş ýurduň bilelikdäki işlerine kuwwatly itergi berendigi aýtdylar.

“МИР” döwletara teleradiokompaniýasynyň meşhur serişdeleri — “МИР 24” teleýaýlymy hem-de maglumat-seljeriş internet portaly, SNG. today, Centralasia.news saýtlary hem Aşgabat sammitiniň netijleri, onda beýan edilen teklipler hem-de forumyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar barada giňişleýin maglumatlary berdiler.

“Euronews” habarlar teleýaýlymy hem Hazarýaka Ýurtlaryň Liderleriniň jemleýji Beýanaty kabul edendiklerini we onda sebitiň serişdelerini Hazarýaka ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda, parahatçylykly maksatlarda ulanjakdyklary barada aýdylýandygyny habar berdi.

Azerbaýjanyň “Report” habarlar agentligi hem öz okyjylaryny Aşgabatdaky wakalar bilen dessin tanyşdyryp, forumyň dostlukly döwletleriň özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.

Seýli Aryşow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

 žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

 

Ýene-de okaň

 Dessanlarda ýer-ýurt atlary

Ata Watan Eserleri

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tejribeleri öwrenmek işi

Ata Watan Eserleri

Gant şugundyry — peýdaly ekin