TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNESTESWIRLER

Üstünlik gazanmak isleýänleriň hökman okaýmaly makalasy

Soňky wagtlarda habar alyş we syýahatçylyk ulgamynyň ägirt uly derejede ösmegi netijesinde Ýer ýüzi göýä ullakan bir küren oba öwrüldi. Indi ýer ýüzüniň haýsydyr bir künjeginde bolan wakadan bada-bat habardar bolmak mümkin. Dünýäniň islendik künjegine gitmek üçin bary-ýogy birnäçe sagat ýeterlik.

Çet ýurtlara hat, habar ibermek üçin bolsa diňe birnäçe sekunt gerek. Şol sebäpli milletler we halklar biri-biriniň täsirine düşýär, milletara hyzmatdaşlyk ösýär, şonuň netijesinde biriniň beýlekisine bolan baglanyşygy, mätäçligi artýar. Öz milliligini saklap, şol bir wagtda döwrüň talabyna laýyk hereket eden milletler durmuşda öz orunlaryna eýe bolýarlar. Döwrebap hereket etmek üçin öte alňasaýan, öz aslyny, milliligini gözden salýan milletler bolsa, köp zatlary elden berýärler. Şonuň üçin başgasy bolmak däl, özüň bolmak şu döwrüň iň esasy meseleleriniň biri bolup öňe çykýar. Bu ýagdaý döwletler, milletler üçin bolşy ýaly, şol milletiň her bir agzasy üçin hem şeýledir.

Ilki özüňi tana…..

Başarnykly, tanymal şahslar mydama beýlekilerden tapawutly bolýar. Başgaça aýdanymyzda, başarnykly we tanymal bolmak üçin tapawutly bolmak wajypdyr. Aslynda her bir adam biri-birinden tapawutly ýaradylypdyr, hatda ekiz çagalar hem biri-birinden tapawutlydyr. Her kim özi bolup bilse, özüne bagyş edilen aýratynlyklary özleşdirip, ösdürip bilse, tapawutlanmagy-da başarýar. Tapawutly boljak bolup, başgalara öýkünmek, onuň geýnişi ýaly geýinmek, gepleýşi ýaly geplemek… derwaýys däldir. Bu ýerde iň esasy zat, durmuşda öz ýoluň, öz nusgaň bolmagydyr. Özüň bolmak hemişe başgalardan tapawutly bolmaga synaşmagam, başgalardan tapawutly bolaýyn diýip özüňi, milliligiňi inkär etmegem däldir.

Özüň bolmak öz erkiň eýesi bolmakdyr…

Özüň bolmak, öz erkiň eýesi bolmakdyr. Öz erki bolmadyk adam göwreden başga zat däldir, diňe sandan ybaratdyr. Erksiz adamyň hereketlerinde deňagramsyzlyk, pikirlerinde ýol ýitirmeklik bardyr. Aslynda adamda bar bolan erk başga hiç bir janly-jandarda bolmadyk aýratynlykdyr. Başgaça aýdanymyzda, adamy beýleki jandarlardan tapawutlandyrýan aýratynlyk erkdir. Şu ýerde erkiň diňe adamogluna peýdaly zatlar üçin ulanylanda hakyky erk bolýandygyny bellemelidiris. Özüň bolmak, öz erkiň eýesi bolmak üçin ilki özüňi oňat tanamaly, başarnygyňy, ukyplaryňy we kemçiligiňi jikme-jik seljermelidir. Özüň bolmak özüňe bolan ynamy ösdürmek, gelejege umyt bilen bakmak, şeýle hem tejribeler ýumagyna aralaşmak we taryhy oňat öwrenip, ondan ders almagy başarmakdyr. Özüň bolmak pikirlenmekdir, pikiriňi iş tejribesine geçirmekdir, iş tejribesini geçirýärkäň täze pikirler meýdana getirmekdir. Gysgaça aýdanymyzda, özüň bolmak akyl bilen kalp arasyndaky sazlaşygy döretmekdir.

Biz bu makalada, özüň bolmagyň ýaşlar bilen baglanyşygyna üns çekesimiz gelýär. Sebäbi bir milletiň gelejegi ýaşlaryna baglydyr. Şu nukdaýnazardan ýaşlaryň öz milliligini ýitirmän, döwrüň talabyna laýyk ýetişmegi wajypdyr. Şol bir wagtda döwrüň talabyna laýyk ýetişmek ýaşlar üçin uly jogapkärçilikdir. Jogapkärçiligini ýüregi bilen duýýan her bir ýaş ýigitdir gyzyň ýaşlyk döwrüni şuňa görä gurnamagy hökmanydyr.

Maksat, myrat, arzzuw….

Munuň üçin ilkinji nobatda, maksat-myrat, arzuw gerekdir. Eýsem özüň bolmak, öz maksat-myradyňa eýe bolmak dälmidir? Hiç bir arzuwy bolmadyk ýa¬da diňe öz şahsy bähbitleriniň yzyndan ylgaýanlaryň adamoglyna zyýany bolmasa, peýdasy ýokdur. Arzuwsyz adam başgasynyň arzuwyna çolaşýar. Arzuwsyz, maksat-myratsyz adam ýeliň öwüsýän ugruna görä öwsüp durýar. “Çäksiz güýç” atly psihologiýa kitabynyň ýazary Antoni Robbins: “Şahslar ýalta, işýakmaz däldir, diňe öz-özüni herekete geçirip biler ýaly güýçli arzuwlary ýokdur” diýýär. Nirä gitjegini bilmeýän gämä, hiç bir ýeliň peýda bermeýşi ýaly, arzuwsyz şahsyň şol jemgyýetde oňyn ýeri bolmasa gerek. Şol sebäpli arzuwy watana, halkyňa, bütin adamzada we maşgalasyna hyzmat etmek başlangyjyndan ugur alýan ýaşlaryň sanynyň köp bolmagy her bir ýurt üçin örän wajypdyr. Eýsem arzuwyňa ýetmek üçin nämeler etmelidir?

Durmuş hakykatlaryny hem nazarda tutup bellenen arzuw, maksat myrat bar bolsa, şeýle hem bu arzuwy durmuşa geçirip bilinjekdigi barada hakykatdan hem ynam dörese, arzuw eýesiniň işlemek, gözlemek islegi has hem artýar. Arzuwa ýetmek üçin ýol kartasynyň çykarylmagy, edilmeli işleriň meýilnamasynyň taýýarlanylmagy bolsa, maksada ýetmekde uly rol oýnaýar. Maksada okgunlylyk, päk niýet, irginsiz zähmet bilen hereket edilmegi netijesinde arzuwlaryň öňündäki päsgelçilikler birin-birin aýrylar. Hakyky arzuwment arzuwyna ýetmek üçin wagtyny tygşytly we peýdaly ulanýar. Şeýlelikde, arzuwment uly eserler emele getirip, üstünligiň ýokarky basgançaklaryna çykmak mümkinçiligine eýe bolar. Üstünlik gazanmak bolsa, özüne ynamy artdyrýar, täze üstünlikleriň ýoluny açýar. Watanyňa, milletiňe hyzmat etmek bagtyna miýesser bolmagyň berýän kalp höziri bolsa, megerem arzuw etmegiň netijesinde berlen iň oňat sowgat bolsa gerek.

Görşümiz ýaly, arzuwa eýe bolmak bilen özüň bolmak, biri-birine baglydyr. Bu ýerdäki arzuw watanyňa, milletiňe, adamzada hyzmat etmek arzuwydyr. Şu ýerde bir zady bellemelidiris, ol hem özüne peýdasy degmedigiň başga birine nepi degmezligidir. Özüni döwrüň talabyna laýyk ýetişdirmek, başarnyklaryny we ukyplaryny halkyň bähbidine ulanmak, ýagny, beýik arzuwly ýaşlara mümkinçilik döretmek bolsa, ýurduň gelejeginiň möhüm faktorydyr.

01.07.2008  (Bu makala mundan 13 ýyl ozal ýazyldy we şol döwürde Türkmen metbugatynda neşir edildi.)

Biz Size makalanyň awtory Dr.Döwran Orazgylyjowyň Atavatan TV YouTube kanalyndaky başarnykly bolmagyň ýollaryna bagyşlanan Online mugt sapaklaryň linkini ýetirýäris. Siz aşakdaky linklere basyp şol wideo çykyşlara tomaşa edip bilersiňiz!

1-nji Sapak

2-nji Sapak

3-nji Sapak

 

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle