TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

USAID-iň onlaýn okuw maslahaty

Telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek boýunça USAID taslamasy DAMU Telekeçiligi ösdürmek gaznasy, “Fintech Hub” we “Mastercard” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda kiçi we orta işewürligiň wekilleri üçin webinar gurnaýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Çäräniň barşynda onlaýn satuwlaryň netijeliligi, onlaýn sargytlarynyň dolandyrylyşynyň optimizasiýalaşdyrylmagy, Internetde müşderiler bilen özara gatnaşyk, öz onlaýn dükanyňy döretmek, şeýle hem meşhur “Facebook”, “Instagram” we “ВКонтакте” sosial torlar hem-de “eBay”, “Яндекс.Маркет” we “Google Покупки” söwda meýdançalary arkaly harydy ýerlemek ýaly meselelere garalar.

“Işewürlikden elektron işewürlige” atly onlaýn okuw maslahaty kiçi we orta işewürligiň wekilleriniň sanly we maliýe sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagyna, olara elektron täjirçilige geçmekde we oňa gatnaşmakda ýardam etmäge gönükdirilen webinarlar tapgyryny dowam edýär.

Webinar 19-njy maýda (16:00 – 17:30) Zoom platformasynda geçiriler.

Iş dili: rus dili; gazak we iňlis dillerine terjime edilýär.

 

Özbegistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle