“US Open”: 16 ýyldan soňra rus türgeniň üstünligi

Tennis sportunyň iň uly ýaryşlarynyň biri hasaplanýan “US Open” (Amerika Açyk) çempionatynda erkekleriň arasynda russiýaly türgen Daniil Medwedew çempion boldy. Bu üstünlik 16 ýyldan soňra “Uly tuwulga” ýaryşynda rus türgeniň üstünligi boldy.

Daniil Medwedew final duşuşygynda tennis dünýäsiniň birinji derejeli tennisçisi serbiýaly Nowak Jokowiçi 6:4, 6:4, 6:4 hasabynda ýeňmegi başardy.

25 ýaşly rus türgen Nýu-Ýork şäherinde geçirilen ýaryşda uly üstünlik gazandy. Medwedew Professional-tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) sanawynda ikinji orunda durýar. Bu guramanyň gurnamagyndaky 13 ýaryşda rus türgen üstünlik gazandy.

Ol üçünji geçek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň final tapgyrynda çykyş etdi we ilkinji gezek ýeňiş gazandy. 2019-njy ýylda rus türgen “US Open” ýaryşynda ispan türgeni Rafael Nadaldan ýeňlipdi, şu ýylyň fewralynda Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň finalynda Nowak Jokowiçden asgyn gelipdi.

Medwedew bu gezek Nowak Jokowiçi ýeňmegi başardy. Erkek tennisçi türgenleriň sanawynda birinji orunda durýan Nowak Jokowiç şu ýylyň dowamynda geçirilen “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 3-sinde ýeňiş gazandy. Eger Nýu-Ýorkdaky ýaryşda hem ýeňiş gazanan halatynda Nowak Jokowiç bir ýylyň dowamyndaky uly tennis ýaryşynda ýeňiş gazanan 3-nji türgen bolardy. Ýöne ol başa barmady. Jokowiç iýul aýynda Uimbldon ýaryşynda ýeňiş gazanyp, “Uly tuwulga” ýaryşlaryndaky 20-nji ýeňşini baýram edipdi.

Medwedew 16 ýyldan soňra “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiş gazanan rus türgeni boldy. 2005-nji ýylda Marat Safin Awstraliýa Açyk çempionatynda ýeňiş gazanypdy. Safin 2000-nji ýylda “US Open” ýaryşynda hem ýeňiji bolupdy. Başga bir rus tennisçi Ýewgeniý Kafelnikow 1999-njy ýylda Awstraliýada we 1996-njy ýylda Fransiýada ýeňiş gazanypdy.

Russiýaly zenan türgenlerden Mariýa Şarapowa 2014-nji ýylda Fransiýada “Uly tuwulga” ýaryşynda ýeňiş gazanypdy.

“US Open” – “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 4-njisi bolup, möwsümiň soňky ýaryşydyr. Ol “hard” – gaty örtükde geçirilýär. Bu ýaryşyň baýragynyň möçberi 57,5 million dollardyr. Ýeňiji bolan Daniil Medwedew 2,5 million dollar baýrak gazandy.

Zenanlaryň arasynda britaniýaly türgen Emma Radukanu ýeňiji bolupdy.

GOLLIWUDYŇ ÝYLDYZLARY DUŞUŞYGY TOMAŞA ETDILER

Russiýaly tennisçi Mariýa Şarapowa bilen bir hatarda Golliwudyň meşhur aktýorlary hem bu duşuşyga gatnaşdylar. Bred Pitt, Bredli Kuper, Jozef Masselo we Rami Malek bilelikde oturyp, Medwedewiň ýeňşini tomaşa etdiler.

Şeýle hem bu duşuşyga tomaşa edenleriň hatarynda Leonardo Di Kaprio, Ben Stiller, Alek Bolduin ýaly aktýorlar hem bar.

Birža täzelikleri: gyrgyz işewürleri float aýna satyn aldy

 

ÝENE-DE OKAŇ

ABŞ-nyň Kaliforniýa Riwersaýd uniwersitetiniň alymlary tarapyndan durmuşa geçirilen täze taslama arkaly koronowirus pandemiýasynyň iýilýän waksinasy öndüriler. Ylym we saglyk dünýäsine uly täzelik bolup girjek bu taslamanyň awtorlary waksinany käbir ösümliklerden taýýarlaýar. Uniwersitetiniň professory Huan Pablo Giraldonyň aýtmagyna görä, taslama netijeli tamamlansa, ýekeje ösümlik bir adamy keselden goramak üçin ýeterlik bolar. Taslamanyň özeninde «Pfizer-BioNTech» we «Moderna» waksinalarynyň düzüm gurluşy bolar. Esasy ösümlik...
Her ýylyň 23-nji sentýabrynda “Halkara üm arkaly gürleşmek güni” dünýäde giňden bellenilýär. Bu sene öz gözbaşyny 2017-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä kerler federasiýasynyň (World Federation of the Deaf, WFD), Halkara üm arkaly gürleşmegiň dili (International Day of Sign Languages) baradaky kabul eden kararyndan alyp gaýdýar. Şondan soňra her ýyl Ýer ýüzünde  bellenilip geçilýär. Bu...
21-22-nji sentýabrda Türkmenistanyň söwda we senagat edarasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli köpugurly sergi guraldy. Oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlet böleginiň düzümleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň,  “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň,  Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we beýleki ulgamlarynyň, hususy pudagynyň wekilleri, şeýle-de,  Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýokary derejede...
Kenzo Takada 1939-njy ýylda Ýaponiýada dünýä inýär. Ol gyz jigileriniň okaýan žurnallaryny okap, moda bilen gyzyklanmaga başlaýar. Takada Tokionyň moda kolležleriniň birinde bilim alýar. Okuwyny tamamlap, Pariže gidýär, ol ýerde dizaýner bolup işleýär.1970-nji ýyldan başlap Takada zenanlar üçin üýtgeşik biçüwli egin-eşikleri taýýarlaýar,1983-nji ýylda erkekler üçin hem kolleksiýon dizaýn edýär.  Bäş ýyl soňra ilkinji atyryny halka hödürledi. 1970-nji ýylda döredilen “Kenzo”...
Google: Dünýäde iň köp ulanylýan programmadyr. Kompaniýalaryň gurujylary Larry Page, Sergey Brin Standford uniwersitetiniň ilkinji ýyllarynda hem kompaniýanyň zerurlygyny  bilýärdiler. Bu sebäpli hem kompaniýalaryna matematikada iň uly sanlaryň biri bolan “ Googol” adyny bermekçidiler. Emma Larry Pageiň “googol” ýerine “Google” diýip ýalňyş ýazmagy netijesinde häzirki google kompaniýasy “google” ada eýe boldy. Rolex: Häzirki wagtda iň köp ulanylýan sagatlaryň biridir. Ilkibadalar...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
884FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar