JEMGYÝET

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylda ulanmaga berlen iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň açylyş dabaralaryndan pursatlary beýan etmek, şeýle-de täze açylan binalaryň aýratynlyklaryny filmleriň we wideorolikleriň üsti bilen açyp görkezmek maksady bilen, bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Hödürlenen filmlere we wideoroliklere döredijilik aýratynlygy, ýokary çeperçilik, reňk we yşyklandyryş, saz bezegi, many-mazmuny boýunça baha berler.

Şu talaplar boýunça ýeňiji bolanlara:

— bäsleşigiň baş baýragy (Gran-pri);

— bäsleşigiň eminler toparynyň baýragy gowşurylar.

Şeýle hem şu aşakdaky ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitleniler:

— iň gowy režissýorlyk işi;

— iň gowy operatorlyk işi;

— iň gowy saz bezegi;

— iň gowy montaž bezegi.

Bäsleşik 2021-nji ýylyň 4-nji noýabry — 15-nji dekabry aralygynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-22-12; 44-24-03.

 

Türkmenistanyň Türkiýede gatnaşýan kinofestiwaly barada nämeleri bilmeli?

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza forumy üçin aragatnaşygyň döwrebap mümkinçilikleri hödürlener

«EKSPO-2025»: Türkmenistanyň pawilýony 1 millionjy myhmanyny kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde iş saparynda boldy

“Makul habar” elektron gazeti (29-sany)

Ata Watan Eserleri

Medeni mirasyň gymmatlyklary goralýar

Hytaý Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri