JEMGYÝET

“Ulag hyzmatlary” kärhanasy dörediler

«Türkmen Awtoban» paýdarlar jemgyýetiniň binýadynda “Ulag hyzmatlary” ýolagçy gatnatma kärhanasyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Ulag hyzmatlary ýolagçy gatnatmak kärhanasyny döretmek hem-de bu ugurda hyzmatlary ýola goýmak babatda hasabat berildi.

Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň dowam etdirilýändigi hem-de Watanymyzyň Garaşsyzglygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanylyp, bu awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen böleginiň ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Halkara ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak hem-de bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek maksady bilen “Ulag hyzmatlary” kärhanasyny döretmek göz öňünde tutulýar.

«Türkmen Awtoban» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçy awtobuslaryny hem-de ýeňil awtoulaglary satyn almak baradaky teklipleriň öwrenilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň awtoulag menzilleriniň hyzmatyndan şertnamalaýyn esasda peýdalanmak arkaly ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Maýa goýum forumy geçiriler

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gender deňligi boýunça täze bäşýyllyk meýilnama tassyklanyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi