TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ulag diplomatiýasynyň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny, şol sanda ulag ulgamyny ösdürmegi, ony mundan beýläk hem kämilleşdirmegi öz içine alýar. Bu ugra gönükdirilen milli maksatnamalar taýýarlanylanda, esasan hem, dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerlemegi ýaly meseleleriň çözülmegine gönükdirilen işlere uly ähmiýet berilýär. Hut şu nukdaýnazardan, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 14-nji ýanwarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» kabul edilmegi döwletimizde geljegi uly bolan bu ugurda amala aşyrylmaly wezipeleri we maksatlary aýdyň kesgitledi.

Eziz Diýarymyzyň öňe süren teklipleri esasynda 2014-nji ýylda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylda «Durnukly, köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Rezolýusiýalar kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylda geçirilen 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň dabaralanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Şeýlelikde, döwletimiziň ulag diplomatiýasy bilen bagly öňe sürýän başlangyçlary esasynda, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen maslahat durnukly ulag ulgamy boýunça giň halkara gatnaşyklary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmaga badalga berdi.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda durnukly ulag ulgamyny döretmek bilen baglanyşykly birnäçe işleriň amala aşyrylandygyny bellemek möhümdir. Muňa mysal hökmünde Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurlup ulanylmaga berilmegini görkezmek bolar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistan geografiýa taýdan Günbataryň we Gündogaryň köp ýurtlaryny özüne birikdiren bu ymgyr uly ýoluň çatrygynda ýerleşipdir» diýip belleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan ýurdumyzda awtomobil, demir ýol, howa ýollaryny döretmekde diňe bir sebitara däl, eýsem, halkara derejesinde täze başlangyçlary ornaşdyrmak, ýük gatnawlaryny amala aşyrmakda howpsuz geçelgeleri döretmek boýunça döwletli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu amatly şertler hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýän döwletimiziň halkara giňişliginde abraýynyň ýokarlanmagyna, döwletara gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna, ulag ulgamynyň üsti bilen syýahatçylyk pudagynyň we daşary söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna getirýär.

Döwletimizde ulag-logistika we üstaşyr geçelgeleriň işini kämilleşdirmek meseleleri bilen bagly täze düzümleri durmuşa ornaşdyrmak üçin uly tagallalar edilýär. Bu ugurda Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr-ulag geçelgeleri, optiki-süýümli elektrik geçirijileri gurmak boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär.

Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan yklymlary özüne birleşdirýän iri üstaşyr geçelgeleriň çatrygyna öwrülmek bilen, iri halkara forumlaryň, maslahatlaryň we duşuşyklaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň aprelinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek ugrundaky tagallalary ata Watanymyzyň ulag diplomatiýasynyň aýdyň dabaralanmasy bolup durýar.

Aman Hojalyýew,
Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ mugallymy.

 

 

Iň köp ýumurtga sarp edýän ýurtlar

Ýene-de okaň

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Ýaşlar – eziz Watanymyzyň geljeginiň gurujylarydyr

Teswirle