SPORT

Ukrainadan ilkinji üstünlik

Ukrainanyň milli ýygyndysy futbol boýunça Ýewropa çempionatynda 1/8 finalyna çykmagy başardy. Ukraina “Ç” toparynda Niderlandlar, Awstriýa hem-de Demirgazyk Makedoniýa bilen duşuşdy.

toparda üçünji orny eýelän Ukrainanyň milli ýygyndysy iň gowy netije görkezen toparda 3-nji orny eýelän ýygyndy hökmünde 1/8 finalyna çykdy. Şeýlelikde, bu üstünlik Ukrainanyň taryhynda ilkinji gezek bolýar.

Ozalky futbolçy Andreý Şewçenkonyň tälim berýän Ukraina ýygyndysy 1/8 final tapgyrynda 30-njy iýunda Şwesiýanyň ýygyndysy bilen oýnaýar.

Ukrainanyň ýygyndysy Ýewro-1996, 2000, 2004 we 2008-nji ýyllarda bu çempionata gatnaşyp bilmedi. Ýewro-2012 we Ýewro-2016 çempionatlarynda bolsa topardan çykyp bilmändi.

 

Ýewro-2020: 1/8 finalynyň duşuşyklary

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder