TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

UEFA Ýewropa ligasynyň bijeleri çekildi

UEFA-nyň toparlar derejesinde gurnaýan iň esasy ýaryşlary bolan Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň bije çekiliş dabarasyndan soňra Ýewropa ligasynyň hem bijeleir çekildi.

Bu möwsümde Ýewropa Ligasyndaky topar sany 48-den 32-e çenli azaldyldy. Futbol toparlary 8 toparça bölündi. Toparçada birinji bolan topar indiki tapgyra çykýar.

Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen bije çekilişigiň netijeleri şeýle:

“A” toparça: “Lion”, “Reýnjers”, “Sparta”, “Brondbýu”
“B” toparça: “Monako”, PSW, “Real Sosýedad”, “Şturm”
“C” toparça: “Napoli”, “Lester”, “Spartak Moskwa”, “Legiýa”
“D” toparça: “Olimpiakos”, “Aýntraht”, “Fenerbahçe”, “Antwerpen”
“E” toparça: “Lasio”, “Lokomotiw”, “Olimpik”, “Galatasaraý”
“F” toparça: “Braga”, “Srwena Zwezda”, “Ludogores”, “Mitýulland”
“G” toparça: “Baýer”, “Seltik”, “Betis”, “Ferenswaroş”
“H” toparça: “Dinamo Zagreb”, “Genk”, “West Hem”, “Rapid”

TOPARÇADAKY DUŞUŞYKLARYŇ SENESI

1-nji tapgyr: 16-njy sentýabr
2-nji tapgyr: 30-nji sentýabr
3-nji tapgyr: 21-nji oktýabr
4-nji tapgyr: 4-nji noýabr
5-nji tapgyr: 25-nji noýabr
6-njy tapgyr: 9-njy dekabr

Şeýle hem dabarada geçen möwsüm UEFA Ýewropa ligasynyň iň gowy oýunçysynyň ady yglan edildi. Ispaniýanyň “Wilýarreal” toparynyň hüjümçisi Žerard Moreno baýragy aldy.

 

Türkmenistandan Russiýa 19-njy ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Teswirle