TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

UEFA Ýewropa ligasynyň 1/4 finalyna çykan toparlar

UEFA Ýewropa ligasynyň 1/4 finalyna çykan toparlar belli boldy. 1/8 final duşuşyklarynyň jemleri boýunça “Barselona” (Ispaniýa), «Atalanta» (Italiýa), «Reýnjers» (Şotlandiýa), «West Hem» (Angliýa), «Aýntraht» (Germaniýa), «Braga» (Portugaliýa), «Lion» (Fransiýa) we «Leýpsig» (Germaniýa) 1/4 final tapgyryna çykdy.

Ýaryşyň çärýek we ýarym final duşuşyklarynyň bijeleri şu gün çekiler. Çärýek final duşuşyklary 7-14-nji aprelde, ýarym final duşuşyklary 28-nji aprel we 5-nji maýda geçiriler.

Final duşuşygy bolsa 25-nji maýda Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde oýnalar.

UEFA ÝEWROPA LIGASYNYŇ 1/8 FINALYNYŇ JOGAP DUŞUŞYKLARYNYŇ NETIJELERI

“Galatasaraý”: 1 – “Barselona: 2 (“Barselona”)
“Srwena Zwezda”: 2 – “Reýnjers”: 1 (“Reýnjers”)
“Monako”: 1 – “Braga”: 1 (“Braga”)
“Baýer Lewerkusen”: 0 – “Atalanta”: 1 (“Atalanta”)
“Lion”: 1 – “Porto”: 1 (“Lyon”)
“Aýntraht”: 1 – “Real Betis”: 1 (“Aýntraht”)
“West Hem”: 2 – “Sewilýa”: 0 (“West Hem”)
“Spartak Moskova” – “Leipsig” (“Leipsig”)

 

Messi ynamly oýun görkezmese-de, girdeji gazandyrýar

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle