SPORT

UEFA-dan Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna goldaw

Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) “UEFA ASSIST” halkara programmanyň çäginde Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna goldaw berýär. Bu programmanyň çäginde Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna UEFA tarapyndan Hyundai H1 miniweni gowşuryldy. Bu barada “tff.com.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

“UEFA ASSIST” halkara programmasy beýleki konfederasiýalaryň milli assosiasiýalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy saklap, olaryň ösüş gazanmaklaryny üpjün etmekden ybarat bolup durýar.  “UEFA ASSIST” programmasynyň esasy maksady – tejribe we pikir alyşmakdan ybarat bolup, onuň netijesinde FIFA agza bolan Konfederasiýalaryň agzalarynda futbol bilen bagly alnyp barylýan işleri ep-esli derejede ilerletmekden ybarat bolup durýar.

“UEFA ASSIST” programmasy maliýe kömegi bilen däl-de, futboly ösdürmäge gönükdirilen dürli çäreleri geçirmek arkaly amaly kömegi üpjün eder.

“UEFA ASISST” programmasy esasan dört ugurdan ybarat bolup, olaryň her biri FIFA agza bolan assosiasiýalara we konfederasiýalara goldaw berer:

– Bilim we tejribe alyşmak;

– Ýaşlar futbolunyň ösüşi;

– Taslamalara goldaw bermek we infrastrukturany  ösdürmek;

– UEFA agza bolan milli assosiasiýalaryň maksatnamalaryna goldaw bermek.

Kopa Amerika: Messiniň goly ýeňşe ýetmedi

Ýene-de okaň

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy