TEHNOLOGIÝA

Uçýan ýaryş awtoulagy synag edildi

Awstraliýada bir kompaniýa tarapyndan öndürilen dünýäde ilkinji uçýan elektrik ýaryş awtoulagy ‘Airspeeder MK3’ synag uçuşyny amala aşyrdy.

Soňky döwürde uçýan awtoulaglara maýa goýan kompaniýalaryň sany günsaýyn artýar. Şonuň netijesinde, Awstraliýanyň “Alauda Aeronautics” kompaniýasy “Airspeeder” diýlip atlandyrylýan uçýan awtoulagynyň synagyny amala aşyrdy.

Dikligine ýokary galyp we gonup bilýän “Airspeeder Mk3” ulagyň agramy bary-ýogy 130 kilograma deňdir. Ol 80 kilograma çenli ýük göterip bilýär. Bu ulag geljekdäki ýaryşlara taýýarlanýar.

Mundan başga-da, hereketlendirijileri 430 at güýji eýe bolan ulag, sagatda 0-100 km tizlige 2,8 sekuntda ýetip biler. Ulagyň iň ýokary tizligi baraa entek maglumat berilmedi, ol 500 metr ýokarlyga galyp bilýär.

 

 

21-nji iýun – Halkara ýoga güni

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy