TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

TÜRKSOÝ guramasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirildi. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, Bursa şäheri 2022-nji ýyl üçin TÜRKSOÝ guramasynyň medeni paýtagty yglan edilipdi.

Bursa şäherindäki mejlise Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Anar Kerimow, Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we sport ministriniň orunbasary Nurkissa Daueşow, Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, ylym, sport we ýaşlar syýasaty ministri Azamat Jamankulow, Özbegistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Murodjon Majiýew, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew, TÜRKPA guramasynyň baş sekretary Mehmet Süreýýa Er we köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow bu mejlisiň işine onlaýn tertibinde gatnaşdy.

Nobatdan daşary mejlisiň gün tertibine TÜRKSOÝ guramasyna täze ýolbaşçysyny saýlamak hem-de 2023-nji ýylda TÜRKSOÝ guramasynyň medeni paýtagty kesgitlemek meseleleri girizildi.

Mejlisiň barşynda Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, ylym, sport we ýaşlar syýasaty ministri Azamat Jamankulow tarapyndan Sultan Raew TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary wezipesinde hödürledi.

Mejlisiň dowamynda geçirilen ses berlişigiň netijesi boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary orunbasary, Gyrgyz Respublikasynyň ozalky medeniýet ministri Sultan Raew 2022-2025-nji ýyllar üçin guramanyň baş sekretary wezipesine saýlandy.

Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Anar Kerimow tarapyndan Azerbaýjanyň Şuşa şäherini 2023-nji ýyl üçin TÜRKSOÝ guramasynyň medeni paýtagty hökmünde teklip etdi.

Bu teklip hem biragyzdan goldanyldy we Şuşa şäheri 2023-nji ýyl üçin TÜRKSOÝ guramasynyň medeni paýtagty yglan edildi.

 

Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň ministrleriniň 3-nji duşuşygy

 

Ýene-de okaň

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Teswirle