JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy

2024-nji  ýylyň 22-23-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.

Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň hökümetinde, Parlamentinde, degişli ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle-de maliýe we eksport-karz beriş agentlikleriniň, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Geçiriljek duşuşyklarda döwletara gatnaşyklary berkitmek, parlament ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, syýasy-diplomatik işjeňligi artdyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle-de ylym-bilim hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyna serediler.

Related posts

Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görülýär

Arkadag şäherinde durnukly ösüş boýunça ministrler forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri