Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Il ýaşulysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşmak üçin Abu-Dabi şäherinde boldy. Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Birleşen Arap Emirliklerine tarap ugrady.

Birnäçe wagtdan Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň uçary BAE-niň Abu-Dabi şäheriniň halkara howa menziline gelip gondy.

Bu ýerde Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň wekilçilikli topary mähirli garşylanyldy. BAE-niň energetika, strategik ösüş ministri Suheýil Al Mazrouy howa menziliniň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kabul ediş merkeziniň ýanynda Türkmenistanyň wekiliýetçilikli toparyny garşylady.

Halk Maslahatynyň Başlygy şeýh Halifa Ben Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy barada çuňňur gynanjyny beýan edip, tutuş türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan we hut öz adyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçy düzümine hem-de halkyna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini ýetirdi.

BAE-niň energetika, strategik ösüş ministri öz gezeginde şeýle agyr pursatda uzak ýoldan gelip duýgudaşlyk bildirendigi hem-de aýdan medet beriji sözleri üçin Halk Maslahatynyň Başlygy tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen kabul edişlik merkezinde BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň uly ogly Şeýh Soltan Bin Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy we hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykmagy ugrunda merhum Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň ägirt uly tagalla edendigini nygtady we onuň aradan çykandygyna öz gynanç duýgularyny beýan etdi.

Öz gezeginde Şeýh Soltan Bin Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýan merhumy hatyralap gynanç bildirmäge gelendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BAE üçin ygtybarly we işjeň hyzmatdaş bolup durýandygyny aýdyp, mundan beýläk-de iki ýurduň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy gudraty güýçli Allatagalladan şu agyr pursatda BAE-niň halkyna ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk dileg etdi we merhumyň ýakynlaryna ýene bir gezek öz gynanjyny bildirmek bilen tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň we türken halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykmagynyň bu ýurduň halky üçin uly ýitgi bolandygyny nygtap, onuň haýyr-sahawatlyk we ynsanperwerlik işlerini bitirip, tutuş yslam dünýäsinde yz goýandygyny belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň merhum Prezidentiniň Türkmenistanda giňden tanalýandygyny, onuň biziň ýurdumyz üçin haýyr-sahawatlyk babatda ägirt uly işleri bitirendigini aýratyn belledi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy onuň paýtagtymyzdaky metjidiň, Döwletliler Köşgüniň, “Ene- mähri” merkeziniň, Halkara iç keselleri merkeziniň gurulmagynda, Arçman şypahanasynyň döwrebaplaşdyrylmagynda, Maryda Çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda, şeýle hem paýtagtymyzdaky Döwletliler Köşgüne haýyr-sahawat goldawlarynyň berilmeginde aýratyn uly tagallasynyň bardygyny nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň merhum Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň eden ýagşylyklarynyň, haýyr işleriniň hiç wagt unudylmajakdygyny belledi. Şeýle hem hajy Arkadagymyz Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasyna ýüzlenip, razylyk berlen ýagdaýynda merhumyň Aşgabatda gurduran metjidinde geljek annada Aşgabatda onuň belli gününi bellemekçidigini aýtdy.

Öz gezeginde Şeýh Muhammed Al Nahaýýan uzak ýoldan öz gynanjyny bildirmäge gelendigi üçin türkmen wekiliýetine tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Şeýh Mansur Bin Zaýet Al Nahaýýan Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy awtoulag kerweni Birleşen Arap Emirliklerini esaslandyran Şeýh Zaýed Bin Soltan Al Nahaýýanyň adyny göterýän dünýädäki ajaýyp metjitleriň biri bolan Şeýh Zaýed metjidine bardy.

Metjitde merhumyň hormatyna aýat okaldy. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi BAE-niň merhum Prezidentiniň ruhuna degsin edip, keramatly Gurhandan süreler okady we halklaryň bagtyýarlygynyň, ýurtlaryň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen asylly işleriň rowaç almagyny dileg etdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy metjitde goýlan Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda merhumyň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileg edip, ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Şeýh Zaýed metjidiniň wekili Halk Maslahatynyň Başlygyna bu metjit barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýän hem-de dünýädäki metjitler barada gürrüň berýän kitaplary gowşurdy.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygynyň ulag kerweni Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentine degişli bolan Halkara howa menziline geldi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerden Aşgabada tarap ugrady.

Birnäçe wagtdan Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.

 

Türkmenistanyň wekilçilikli topary BAE-niň Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşar