DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar söwda we maýa goýum ugurlarynda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly pikir alyşdylar. Bilim we medeniýet ulgamlarynda özara hereketleri giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi.

 

Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň birleşen arap emirliklerine sapary

Related posts

24 metrlik Täze ýyl arçasy Nýu-Ýorka getirildi

Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Google-dan çagalara täze programma