DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Hytaý Halk Respublikasynyň Tunsi şäherinde Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.

Bu ýerde Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahian bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga degişli meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdylar.

Hususan-da, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmagyň, energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň we ulag ulgamyndaky hyzmataşlygyň işjeňleşdirilmegi ýaly ugurlardaky mümkinçiliklere garaldy.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Türki dilli döwletleriň aýdymçylary «Saýra, dutar!» atly türkmen aýdymyny ýerine ýetirdiler

Ýene-de okaň

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmäge ygrarly

Türkmenistan bilen Belarus medeni hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy: dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklar ösdüriler

Türkmenistan Türki döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň duşuşygyna gatnaşdy