DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara hereketleriň häzirki meselelerini, şeýle-de ýokary syýasy derejede gazanylan bilelikdäki ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar iki ýurduň DIM-niň ugry boýunça işjeň häsiýete eýe bolan özara hereketleriň dowam edilmeginiň, şol sanda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň zerurlygyny tassykladylar.

Sebit we halkara guramalarynyň çygryndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, ministrler şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler.

Ýewro-2020: Ýarym final duşuşyklary

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi