DÜNÝÄ

Türkmenistanyň suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet topary döredildi

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmek, suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmak hem-de suw gorlaryny döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň suw üpjünçilik meseleleri boýunça Hökümet topary döredildi we onuň düzümi tassyklandy.

Bu resminama Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti golaýda geçiren iş maslahatynda Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba ho­ja­lyk top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Hö­kü­met to­pa­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­gy, bu to­pa­ryň dü­zü­mi­ne Ýo­ka­ry gö­zeg­çi­lik eda­ra­sy­nyň, Suw ho­ja­ly­gy ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň, yl­my ins­ti­tut­la­ryň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň hem-de beý­le­ki eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­ny goş­ma­gy tab­şyr­ypdy.

Hökümet topary suw serişdelerinden netijeli we rejeli peýdalanmak, suw gorlaryny artdyrmak, Amyderýa we Garagum derýalary boýunça seljermeler geçirmek, şonuň ýaly-da suw akymlaryny gowulandyrmak we suw süýjediji desgalary gurmagyň hasabyna ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meseleleri boýunça iş alyp barar.

 

 

Türkmenistan koronawirusyň kadalaşmagy bilen halkara sergilerini gurar

Ýene-de okaň

Türki Döwletleriň Guramasy integrirlenen söwda giňişligini döreder

Eýranyň ilaty 85 milliondan geçdi

Tom we Jerry 85 ýaṣady

Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belarusyň ilçisi bilen duşuşdy