Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag-logistika ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň başynda Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça konteýner gatnawlary üçin bäsdeşlige ukyply nyrhlar kesgitlenip, logistikany ösdürmek üçin şertler döredilýär.

Häzirki wagtda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman üstaşyr ulag geçelgelerine Gazagystan, Katar we Hindistan ýaly ýurtlaryň goşulmagy bilen, bu ugurlary işjeňleşdirmek babatda synag ýüküni ugratmak, ýükleriň geçmeginde bökdençlikleriň döremezligini üpjün etmekde bar bolan meseleleri çözmek boýunça milli operatorlary kesgitlemek arkaly awtoulag we otly ýük kerwenlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesi boýunça hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag geçelgesi arkaly Ýewropa çykmak bilen, konteýner ýük daşalyşyny artdyrmak babatda meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Logistika wekilleriniň işini ýola goýmaga, daşarky bazarlary öwrenmäge, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini mahabatlandyrmaga hem-de iri ulag kompaniýalaryny çekmäge aýratyn üns berilýär.

Pakistan, Owganystan, Hindistan ýaly ýurtlar Russiýa, Gazagystana hem-de Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr ýükleri daşamaga, şonuň ýaly-da, Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça konteýner ýük daşalyşyny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, ulag kompaniýalarynyň arasyndaky gepleşikleriň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üstaşyr ýük daşamakdaky mümkinçiliklerini peýdalanmak meýilleşdirilýär.

Agentligiň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, ýurdumyzyň söwda flotunyň ulag serişdelerini daşamak we ýolagçy gatnatmak üçin döwrebap gämiler, şol sanda “RO-PAX” görnüşli ýük daşaýjy gämiler bilen üstüniň ýetirilýändigini aýtdy. Şol gämiler Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda söwda dolanyşygynyň akymyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan dürli kysymly gämileri gurmak meýilleşdirilýär. Şol gämileriň hatarynda demir ýol wagonlaryny daşamak üçin iki sany “Ro-Ro” hem-de bir gury ýük daşaýjy gämi bar.

Dünýä tejribesinde “Ro-Ro” görnüşli gämileriň, esasan, açyk, ýarym açyk we ýapyk palubaly görnüşleriniň ulanylýandygy barada habar berildi. Ýükleme-düşürme işlerini ýeňilleşdirýändigi hem-de howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigi nazara alnyp, bu gämileri açyk palubaly görnüşde gurmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa howply ýükleriň käbir görnüşlerini gäminiň diňe açyk palubasynda daşamak barada Halkara Deňiz Guramasynyň talaplaryna kybap gelýär. Şol bir wagtda gäminiň aşaky böleginde azyk, gurluşyk, oba hojalyk we beýleki önümler ýüklenen ýükli wagonlary daşamak bolar. Gury ýük daşaýjy gämileriň häsiýetnamalary barada aýdylyp, gäminiň ýük göterijiliginiň 5 müň 100 tonna barabardygy habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, gämileriň şekil taslamalary hem-de olaryň häsiýetnamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

 

Aktýor we aktrisalar üçin kasting: Täze kinoserialda täze mümkinçilik