JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine hormatly at dakyldy

Şu gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahata ýurdumyzyň hökümet agzalary, atşynaslar, ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirilen maslahata “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy.

Mejlisiň barşynda ýurdumyzda atçylyk pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyna görülýän taýýarlyklar hem-de bu goşa baýramçylygy ýokary derejede guramaga degişli çäreleriň meýilnamalary barada hasabatlar berildi.

Şeýle hem mejlisiň barşynda Mejlisiň Başlygyna söz berildi. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden kararyny okady.

Bu karara laýyklykda, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň “Türkmenistanyň ussat halypa seýisi” diýen hormatly at dakyldy. Dabarada gatnaşyjylar milli Liderimizi bu hormatly adyň dakylmagy bilen gutladylar.

Milli Liderimiz türkmen halkynyň milli buýsanjy hem-de gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäni haýrana goýýan bedewlerimiziň arassa ganynyň saklanyp galynmagy hem-de gamyşgulak bedewlerimiziň baş sanynyň köpeldilmegi ugrunda has köp tagalla etjekdigini belläp geçdi.

 

Otly gatnawlary barada täzelik

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri