TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidentinden Russiýa gutlag haty

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň oňat arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistanda Russiýa bilen gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de geçen ýyllaryň dowamynda ähli ugurlar boýunça diýen ýaly hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny we gowy netijeleriň gazanylandygyny nygtady.

Biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Dünýä we sebit derejeli abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň hem-de teklipleriň özara goldanylmagy muňa şaýatlyk edýär diýlip, hatda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz türkmen-rus söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň hem depginli ösdürilýändigini belläp, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ilerletmek boýunça işleri dowam etmegiň, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmak üçin hökümet edaralarynyň özara hyzmatdaşlygyny artdyrmagyň zerurdygy babatda pikirini beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistany Russiýa Federasiýasy bilen köpasyrlyk taryhy we ynsanperwer gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny, medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň üstünlikli giňeldilýändigini hem-de pugtalandyrylýandygyny nygtap, iki halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hatynyň ahyrynda Prezident Wladimir Putine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işinde täze üstünlikleri, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Wise-premýer Mämmedowanyň Fransiýadaky iş sapary

Teswirle