TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti ulag we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi teklip etdi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki “Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammiti geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde bu sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Sayed Ebrahim Raisi, Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Mamin hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşýar.

Şol sammite başlyk eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlary ulag we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Sammitde çykyş eden milli Liderimiz Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi görkezdi. Bu pudaklaryň global ykdysady ösüşi kesgitleýän esasy ugurlar bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz YHG-niň ýakyn geljek üçin derwaýys wezipeleri, bu ugurlara öz wagtynda gatnaşmak, bäsdeşlik artykmaçlyklaryndan peýdalanmak, täze ulag we üstaşyr geçelgeleri hem-de energiýa ýollaryny emele getirmekde doly hukukly gatnaşyjynyň roluny üpjün etmäge işjeň gatnaşmalydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň, Türkmenistandan Owganystana demirýol ulgamynyň, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan tebigy gaz geçirijisi taslamasynyň gurluşygynyň dowam edýändigini belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz multimodal ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda Owganystandan başlap, Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe, şeýle hem Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgelerini döretmegiň zerurlygyna ünsi çekdi. Bu geçelgeleriň Gündogar-Günbatar hem-de Günorta-Demirgazyk ugurlarynda ulag-üstaşyr gatnawlarynyň işjeňleşdirilmegine goşant goşjakdygyny belledi.

“YHG-äçagza döwletleriniň gatnaşmagynda iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi yklymda täze geo-ykdysady giňişligiň emele gelmeginde hil taýdan öňe gidişligi aňladýar, iri maýa goýumlaryny çekmekde we birnäçe möhüm durmuş meseleleri çözmekde hyzmatdaşlygyň giň geljegini açar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

 

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti başlady

 

Prezident Ärdogan: YHG-niň söwda dolanyşygyny 100 milliard dollara çykarmalydyrys

Ýene-de okaň

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Türkmenistan IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» parlamentara forumyny Aşgabatda geçirilmek teklip edildi

Teswirle