DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa sapar eder

Şu ýylyň 28-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlangyjy bilen Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň düzümine girýän ýurtlaryň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçiriler. Däbe öwrülen bu duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu duşuşyga Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystanyň birinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Tajigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşar.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow bu barada beren beýanatynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň ýüzbe-ýüz görnüşinde geçiriljekdigini belledi.

Adatça, GDA-nyň döwlet Baştutanlarnyň sammiti ýylda bir gezek geçirilýär. Geljek ýyl bu ýokary derejedäki duşuşyk oktýabr aýynda Gazagystanda geçiriler. Ýöne adaty resmi sammitden başga-da döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşyklary hem guralýar.

 

Türkmenistandan Russiýa 32-nji uçar gatnawy amala aşyryldy

Ýene-de okaň

BMG-niň Baş Assambleýasy Palestina döwletiniň döredilmegini goldady

Türkmenistan Türki döwletleri guramasynyň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi ÝHHG-niň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan Buharestde III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi

FIFA-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebit edarasy Daşkentde açylar