JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Putini doglan güni bilen gutlady

Şu gün ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 69 ýaşady. Russiýanyň Prezidentini doglan güni mynasybetli dünýäniň ençeme ýurdunyň döwlet we hökümet ýolbaşçylary gutlag hatlaryny iberipdir. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Şol habarda bellenilip geçilişi ýaly, Russiýanyň Prezidentini doglan gününi telefon arkaly gutlan döwlet Baştutanlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti hem bar.

Şeýle hem Wladimir Putini telefon arkaly gutlan liderleriň hatarynda – Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko. Ysraýylyň Premýer-ministri Naftali Bennet, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew we birinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Tajigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bar.

Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda her bir döwlet ýolbaşçysy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary hem-de möhüm halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ILKINJI DAŞARY ÝURT TELEFON SOHBETDEŞLIGI

Ýaňy-ýakynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanan Funio Kisidanyň Wladimir Putin bilen teleofn shbetdeşligi onuň bu wezipedäki ilkinji daşary ýurt telefon söhbetdeşligi boldy.

 

Wladimir Putin 69 ýaşady

Ýene-de okaň

“Ýüpek ýoly” rallisi: türkmen türgenleri baýrakly dolanýarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde täze departamentler döredildi

Ata Watan Eserleri

Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly türkmen harytlarynyň milli sergisi geçirildi

“Galkynyş” tans topary Türkiýede 2-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunçylyk namalaryny kabul etdi

Messili Argentina – Kopa Amerikanyň çempiony

Ata Watan Eserleri