JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapary bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine bardy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi saýtyndan bellenilip geçilýär.

Islam Karimow adyndaky halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşylady.

Döwlet Baştutanymyz resmi saparynyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirer. Şeýle-de, giňişleýin düzümde geçiriljek duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, beýleki birnäçe ugurlarda, hususan-da, senagatda, oba hojalygynda, ylymda hyzmatdaşlygy ösdürmage aýratyn orun berler.

Ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

11-nji Merkezi Aziýa söwda forumy başlady

Related posts

Türkmenistan, Asya uluslararası demiryolu koridorunu açmaya hazırlanıyor

vepa

Türkmenistan’daki Ruslar seçimde oy kullanabilecek

vepa

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri