DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Ilham Aliýewi Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Şu ýyllaryň dowamynda Azerbaýjan Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň iki halkyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirip, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

 

Maradonanyň adyny göterýän uçar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi