Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň goranmak ministri Weý Fenheni kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Şeýle hem HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy we goranmak ministri Weý Fenheniň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada amala aşyran sapary HHR-iň Goranmak ministrliginiň hem resmi internet sahypasynda bellenilip geçildi.
Bu duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý bilen ýola goýlan gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belläp, Türkmenistan-Hytaý strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde syýasy-diplomatiýa, söwda, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda ýokary derejedäki hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belledi.
Hytaýyň Goranmak ministrliginiň resmi sahypasynda bellenilip geçilişi ýaly, Hytaý Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşydyr. 1400-den gowrak türkmen talyby Hytaýda bilim alýar, şeýle hem Hytaýyň hünärleriniň birnäçesi Türkmenistanyň uniwersitetlerinde açyldy. Iki ýurduň Goranmak ministrliginiň arasynda harby işgärleriň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi ugrunda hyzmatdaşlyk edip, Türkmenistan-Hytaý gatnaşyklarynyň täze ösüşine bilelikde goşant goşjakdygyna berk ynaylýar.
Weý Fenhe iki ýurduň döwlet Baştutanynyň strategiki ýolbaşçylygynda Hytaý-Türkmenistan gatnaşyklarynyň ýokary ösüşe eýe bolandygyny aýtdy. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Hytaý, umumy geljegi bolan has ýakyn Hytaý-Türkmenistan jemgyýetini gurmak üçin Türkmenistan bilen işleşmäge taýýar. Hytaý Türkmenistanyň hemişelik Bitarap derejesini goldaýar, Türkmenistanyň milli şertlerine laýyk gelýän ösüş ýoluny dowam etdirmegini goldaýar.
Hytaý Halk Respublikasynyň goranmak ministri Weý Fenhe Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen hem duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdi.