DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti: geljekde her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar

Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş eden hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň ýaşaýyş jaýa bolan elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin tagalla edilýändigini belledi.

Bu barada milli Liderimiz özüniň mejlisdäki maksatnamalaýyn çykyşynda şeýle diýdi:

– Döwletimiziň ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň halkymyza elýeterli bolmagy üçin ähli tagallalary etjekdigini men aýratyn bellemek isleýärin. Mundan başga-da, sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşa has giňden ornaşdyrylar. Döwrüň talabyna görä, biz halkymyz üçin «akylly» jaýlary we şäherleri gurmagy dowam ederis. Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde we “Aşgabat-sitide” gurlan ilkinji şeýle jaýlary biz, öňi bilen, öz raýatlarymyza bereris.

Şeýlelikde, geljekde her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar.

 

Türkmenistan täze döwre gadam basýar

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary