DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä Günorta Horasan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini aýtdy.

 

THY: Türkmenistan ugurly 2 ýörite uçar gatnawy

Related posts

Bagdad Amreýew: türkmen Lideriniň gymmatly tekliplerini durmuşa geçireris

Modiniň ejesi 99 ýaşynda aradan çykdy

Dünýäde adamlara dakylýan iň meşhur 10 adam ady: Makul Intellekt habar berýär!