JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Donald Trampa ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Hususan-da bu Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Türkmenistan ABŞ bilen gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berýär hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri goramak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ähmiýet bildirýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, özara ynanyşmak we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Donald Trampa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Mälim bolşy ýaly, ABŞ-da geçirilen Prezident saýlawlarynda Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Tramp ýeňiş gazanyp, 60-njy gezek geçirilen saýlawlaryň netijesinde ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti wezipesine saýlandy.

Ol mundan ozal, 2017-2021-nji ýyllarda ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti wezipesini ýerine ýetiripdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy