DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyzystanyň Prezidenti duşuşdy

Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Kul welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirilýär. Bu sammite gatnaşmak üçin Çolpon-Ata şäherine baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň duşuşygy geçirildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentini şu ýyl iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlap, geçen döwürde döwletleriň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň döredilendigini belledi.

Şeýle hem Sadyr Žaparow Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň ýakyn dost, strategik hyzmatdaş we doganly ýurt bolup durýandygyny belläp geçdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistany möhüm ykdysady hyzmatdaşy hasaplap, türkmen tarapy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere çykarmaga möhüm ähmiýet berýändiklerini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti gyrgyz tarapyna myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Konsultatiw duşuşygynyň Merkezi Aziýa sebitinde ýokary derejede dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrülendigini belledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde gol çekilmegi we kabul edilmegi göz öňünde tutulýan resminamalaryň sebit ýurtlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini mälim etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady we maýa goýum pudaklarynda özara bähbitli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny belläp geçdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasyna bardy

Ýene-de okaň

Putin we Pezeşkian Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistan çagalaryň saglygyny goramak üçin ählumumy halkara hyzmatdaşlyk guralyny döretmegi teklip etdi

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Premýer-ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Azerbaýjanyň Premýer-ministr Ali Asadow Aşgabada geler