JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Ärdogany doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Milli Liderimiz gutlag hatynda Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşdyrylmagyna berýän uly goldawyny hem-de şahsy goşandyny aýratyn belledi.

“Biz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky uzak möhletleýin hem-de strategik häsiýete eýe bolan gatnaşyklara uly üns berýäris we hormat bilen garaýarys hem-de olaryň geriminiň giňelmegi ugrunda tagallalarymyzyň birleşendigine buýsanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlygy we maşgala abadançylygyny, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Žaparow Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasy ädimine ýokary baha berdi

Related posts

Erdoğan Türkmen Liderini kutladı

vepa

Türkmenistan Sözleşmeler Hukuku alanında kitap yayınlandı

vepa

Jo Baýden Merkezi Aziýanyň Prezidentleri “ABŞ+Merkezi Aziýa” sammitine çagyrdy